Turkmenportal logo
21.09.2026
86998699
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy 
Surat: 62.ua

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 93 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistan, Gazagystan hem-de Türkiýe Respublikalaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar.

Şol sanda «Türkmennebit» DK-da öndürilen nebit hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 21 million 248 müň 750 amerikan dollaryna deň boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 105 million 29 müň 750 manatlyk «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetine degişli bolan plastik poddonlary, şeýle-de ýurduň dürli önümçilik kärhanalarynda öndürilen polipropileni we polipropilen önümlerini, nah ýüplügi, halylarydyr pagta süýümini satyn aldylar.