Turkmenportal logo
21.09.2026
89958995
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly mugallymlar häzirki zaman bilimi boýunça geçirilen halkara maslahatda çykyş etdiler

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Wajyp meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly alymlar we bilim işgärleri onlaýn görnüşinde çykyşlary etdiler. Ylmy-amaly maslahaty Russiýanyň Tebigy bilimler akademiýasynyň (RANH) professory hem-de Alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň Halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kirill Bizenkow alyp bardy.

Ylmy-amaly maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, usulyýetçi alymlary gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar halkara we pudagara aýratynlyklaryny — didaktikadan we ruhy-ahlak biliminden başlap, bilimiň sanlylaşdyrylmagyna we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň lukmançylyk taýýarlygyna çenli häzirki döwrüň wajyp meseleleri barada nygtap bellediler. 

Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar häzirki zaman bilimiň esasy ugurlaryny öz içine aldy: emeli aň intellekti bilim-terbiýeçilik we ylmy işlere ornaşdyrmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde bilimi sanlylaşdyrmak, okatmagyň ruhy-ahlak esaslaryny berkitmek we lukmançylykdan oba hojalygyna çenli dürli ugurlarda okaýanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim-ylym ulgamynda halkara hymatdaşlygyny işjeňleşdirmek. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.