Turkmenportal logo
21.09.2026
67706770
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi

19-njy sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. TDH-de habar berlişi ýaly, dünýä türkmenleri sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, hyzmatdaş döwlet hökmünde giňden tanalýan ýurtda geçirilýän köp sanly çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ata Watanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň şaýady bolýarlar.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar, ilki bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Soňra çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy we gün tertibindäki meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu guramanyň işiniň ähmiýetini has-da artdyrmaga, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Germaniýadan, Eýrandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.