Turkmenportal logo
Düýn 08:55
71827182
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy

16-17-nji sentýabrda Tokioda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy üpjün etmek, strategik kommunikasiýalar we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan sebit seminary geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Seminaryň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň, halkara guramalaryň, şeýle hem ýaşlar we bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan seminara Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Merkezi Aziýanyň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça torunyň (CAPVE) işi, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem döwlet edaralarynyň, ýaşlar guramalarynyň, bilermenler jemgyýetçiliginiň we halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselelerine aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar durnukly ösüşe ýardam bermek, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalaryň we tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtadylar.