Turkmenportal logo
Düýn 23:28
1076910769
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Gana we Kuba Respublikalaryna täze ilçilerini belledi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Gana Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky (Nýu-Ýork ş.) hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.