Turkmenportal logo
Düýn 22:40
77857785
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Köpetdagyň eteginde behişdi bedewler üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolup, behişdi bedewler üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri daňdanyň tämiz çagynda ady rowaýata öwrülen we ýurduň tugrasynda orun alan «Ýanardag» binasynyň ýanyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilerine laýyk derejede ýerine ýetirilendigi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyryş derejesi barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýol halkara görkezijileriň ählisine laýyk bolup, onuň gurluşygynda daş düşemek, tekizlemek we ýoluň gatlaryny dykyzlandyrmak işleri häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda ýerine ýetirildi. Aýratyn-da bu ýola üç gatlakdan ybarat bolan ýokary hilli asfalt düşekleri degişli kada laýyklykda düşeldi.

Gahryman Arkadag ady rowaýata öwrülen we ýurduň tugrasynda orun alan «Ýanardag» binasynyň daşyndan aýlaw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol gurluşygynda bolşy ýaly, ýurduň dürli künjeklerinde, bedewleriň ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde ajaýyp atlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň ýaş nesilleriň behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrmakdaky ähmiýetini belledi we bu babatda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan Atly aýlaw halkalaýyn ýoluň deňesine bardy. Doly döwrebaplaşdyrylan ýoluň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekilleriniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly atlaryň köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär. Aýlawly ýoluň abadançylygy, ýol ýakalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman usullarynyň şekilleri barada Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň hem-de «Türkmen alabaý itleri» assosiýasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi bu künjegiň gözelligine gözellik goşmak bilen bir hatarda olaryň ynsan ruhuny belende götermekde ähmiýetlidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.