Turkmenportal logo
Düýn 14:03
1296512965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen we koreý telekeçileri Seulda Ähtnama gol çekdiler

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherindäki «The Grand Lotte» myhmanhanasynda Türkmenistanyň «Mert Ýigit» hususy kärhanasy bilen «ONU H&C Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama taraplaryň Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meýillerini tassyklaýar.

Ähtnamada nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, senagat önümçiliginde, aragatnaşyk we emeli aň ulgamynda, ýol we demir ýol gurluşygynda, energetikada, saglygy goraýyşda, şeýle hem beýleki gurluşyk taslamalarynda özara hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar.

«Mert Ýigit» hususy kärhanasy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýär we gurluşyk işlerine ýöriteleşendigi bilen tanalýar.