Käwagt iň ýakymly wakalar tortuň datly bir böleginden başlanýar. «Zyýat Hil» konditerçilik dükanlar ulgamynyň müşderilerinde hem hut şeýle bolýar. «Snickers» tortuny saýlanlar indi wada berlen garaşylmadyk sowgadyň hakykatdan-da bardygyna öz tejribelerinde göz ýetirýärler: baýraklar gowşurylýar, şatlykly duýgular ýürekden paýlaşylýar, baýramçylyk bolsa has-da ýakymly bolýar.
Munuň nämeden başlanandygyny ýatlap geçeliň
Ozal «Zyýat Hil» tarapyndan ýörite aksiýanyň geçirilip başlanandygy barada habar beripdik. Baý we özboluşly şokolad tagamy bilen tapawutlanýan «Snickers» torty utuşsyz däl, ýagny her bir gatnaşyja sowgat berilýän ýörite aksiýanyň çägine goşuldy. Bu deserti saýlan her bir müşderi, tort öýde geçiriljek baýramçylyk üçin ýa-da uly korporatiw çäre üçin sargyt edilendigine garamazdan, hökman sowgat alýar.

Kompaniýada ýönekeý, ýöne möhüm pikire aýratyn üns berilýär: torty sargyt etmek diňe bir desert satyn almak däl-de, özüňe we ýakynlaryňа biraz-da köp şatlyk sowgat etmek üçin bir mümkinçilikdir. Şeýlelikde, adaty baýramçylyk saçagy ýakymly täsinliklerden doly kiçijik bir waka öwrülýär.
Arzuwlar hasyl bolýar — bu diňe owadan sözler däl
Häzirki wagtda aksiýanyň üstünlikli dowam edýändigini ynam bilen aýtmak bolýar. Müşderiler hakykatdan-da öz baýraklaryny alýarlar. «Snickers» torty bolsa diňe bir datly süýjülik däl, eýsem ýakymly we şatlykly duýgularyň hem sebäbine öwrülýär. Hut şeýle oňyn täsirler bu başlangyjyň esasy maksadydyr — her bir sargydy nähili hem bolsa aýratyn etmekdir.
«Zyýat Hil» konditer dükanlary her gün, dynç günleri bolmazdan, sagat 08:00-dan 22:45-e çenli sargytlary kabul edýär. 150 manatdan ýokary sargyt edýän müşderiler üçin bolsa ýene bir ýakymly mümkinçilik bar — Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça mugt eltip bermek hyzmaty elýeterlidir.

«Zyýat Hil» konditer dükanlaryny nireden tapyp bilersiňiz?
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, j. 254,
(+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61;Garadaşaýyk ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi,
(+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62;Gurtly ýaşaýyş toplumy, j. 3, 1-nji gat,
(+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.