Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersiteti tarapyndan «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» diýen adyň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, ylym işgärleri, diplomatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar — diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Songýungwan uniwersitetiniň «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» diýen adyny bermeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň görnükli hyzmatlarynyň, ýurduň ösüşine, onuň syýasy ulgamynyň, ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine goşan uly şahsy goşandynyň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornunyň we täsiriniň ýokarlandyrylmagyna goşan goşandynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydygyny belledi.
Çykyş edenler bu wakanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ylym, bilim, sanlylaşdyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan ýokary ähmiýetini nygtadylar.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ylmy-bilim ulgamyndaky gazananlaryny we dostlukly halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde ýeten sepgitlerini beýan edýän tematik sergi hem guraldy.