Türkmenistan Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze binalar toplumy, Aşgabat şäherinde gurlan Halkara onkologiýa we ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa merkezini hem-de Stamotologiýa merkezini dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem hünär baýramyna gabatlap, «Saglygy goraýyş, bilim we sport — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini, ylmy maslahaty we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere ýurtda täze saglygy goraýyş edaralaryny açyp ulanmaga bermek dabaralaryna taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.