Türkmenistanda muzeýleriň işini kämilleşdirmek boýunça resminama gol çekildi. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer B.Seýidowa hasabatynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalardan gelýän gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça ýurduň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, muzeýleriň derejeleriniň sanawynyň hem-de muzeýlere derejeleri bermegiň tertibiniň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de bu ugurda wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.