Turkmenportal logo
Düýn 22:53
91809180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçiriler

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, şeýle hem maliýe we bank, gümrük we sanly tehnologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, şonuň ýaly-da daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry, işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy we beýleki ugurlarda pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.