Häzirki wagtda «Tejenkarbamid» zawodyny önümçilik taslama kuwwatynda we yzygiderli işletmek maksady bilen zerur işler geçirilýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň içerki sarp edijileri kanagatlandyrmagy bilen bir hatarda daşary ýurtlara eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagyna-da ýardam berýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň garamagyna «Tejenkarbamid» zawodynyň işini kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de «Tejenkarbamid» zawodyny netijeli işletmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi we bu ugurda wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.