Häzirki wagtda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurduň welaýatlarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer ýurduň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary toplumyny gurmak maksady bilen onuň ilkinji tapgyry hökmünde jemi 256 hojalyga niýetlenilen 4 sany 4 gatly her biri 40 öýli we 4 sany 4 gatly her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga niýetlenilen 10 sany 4 gatly her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bolsa 12 gatly 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.