Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny has-da ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak we durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar hem-de bu ugurda hereket edýän kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylyk-da, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak we durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylyk-da, wise-premýere ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.