Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa milli kanunçylygy binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda mejlisde Türkmenistanyň «Administratiw hukuk bozulmalary hakynda», Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle ýurduň hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, şeýle hem täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürlediler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.