Belli alym-arheolog, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Nikolaýewiç Pilipko 17-nji sentýabrda 85 ýaş toýuny belledi. Onuň hünär işi Türkmenistan bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol ýarym asyrdan gowrak wagtyny ýurdumyzyň taryhyny we arheologiýasyny öwrenmäge bagyşlady — diýip, ussatnews.com habar berýär.
30 ýyllap meýdan işlerini alyp baran Wiktor Pilipko laborantlykdan başlap, Türkmenistanyň SSR-niň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň baş hünärmenine çenli bolan hünär ýoluny geçdi. Onuň ýolbaşçylygynda Amyderýanyň jülgesinde, Ahalyň, Merwiň oazislerinde hem-de Kaka etrabyndaky taryhy-arheologik ýadygärliklerde giň gerimli arheologik ekspedisiýalar geçirildi.
Demirgazyk Parfiýanyň mirasy we Gündogar ellinizmi döwri arheologyň aýratyn gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biri boldy. 2001-nji ýyldan başlap, ol «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklerde yzygiderli gazuw-agtaryş işlerini täzeden ýola goýdy. Onuň Nusaýyň çäginde geçiren barlaglarynyň netijeleri dünýä medeniýetiniň bu täsin ýadygärligini öwrenmäge bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy.
Onuň portreti Türkmenistanyň Döwlet muzeýindäki görnükli arheologlaryň foto galereýasyny bezeýär. Alymyň monografiýalary we ylmy işleri bolsa bu ugurda işleýän alym-gözlegçiler üçin möhüm ylmy esas bolup hyzmat edýär.
Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmäge goşan uly goşandy üçin Wiktor Pilipko 2013-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna, 2024-nji ýylda bolsa «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.