Turkmenportal logo
Düýn 15:51
55355535
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisinde ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň halkara guramalar bölüminiň başlygy Röwşen Annaberdiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine bagyşlanan brifingde Aşgabadyň toplumlaýyn hereketler maksatnamasyny hödürledi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan mejlisiň işine hemişelik Bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy we halkara ynamy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan giň mazmunly gün tertibi bilen girişýär. «Biziň üns merkezimizde syýasy teklipleri hakyky halkara hyzmatdaşlygyň ugruna geçirmek, täze dialog meýdançalaryny, mehanizmleri we hyzmatdaşlyklary döretmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda anyk taslamalary durmuşa geçirmek bolar» — diýip, Annaberdiýew nygtady.

Ileri tutulýan ugurlar bäş esasy ugra birleşdirildi: parahatçylyk, howpsuzlyk we bitaraplyk; durnukly ösüş we ulag; energetika, howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw; ynsanperwer hyzmatdaşlyk; halkara hukugy we BMG-niň işine gatnaşmak.

Esasy başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça bilermenleriň we döwletara gepleşikleriň tapgyryny geçirmek, şeýle hem 2027–2037-nji ýyllary BMG-niň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy diýip yglan etmek baradaky teklip bar. Amaly mehanizm hökmünde Aşgabatda utgaşdyryjy meýdançany döretmek teklip edilýär. Türkmenistan, şeýle hem Köpugurlylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň tarapdarlary toparynyň esaslandyryjylarynyň biri bolmagy, halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada emeli aňyň parahatçylykly ulanylmagy boýunça Halkara kodeksini işläp taýýarlamagy hem-de paýtagtda parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy meselelerini öwrenmek boýunça Akademiki merkezi döretmegi maksat edinýär.

Durnukly ösüş we ulag ulgamynda Aşgabat BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň (2026–2035) we «Awaza» hereketler maksatnamasynyň çäklerinde işlerini dowam etdirer. Şeýle hem Durnukly ulag baglanyşygynyň Ählumumy atlasyny, Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Halkara merkezini döretmek, şeýle-de Hazar deňziniň üsti bilen Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän sebitara ulag geçelgesini döretmek teklip ediler.

Energetika, howanyň üýtgemegi we ekologiýa meseleleri boýunça Türkmenistan «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli forumy, Aşgabat howa dialogyny, gurak sebitleriň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyjy, şeýle hem Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny öňe sürýär.

Ynsanperwer ulgamda Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna we Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogyna aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara hukugy babatda bolsa Türkmenistan 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky karara amaly mazmun bermegi dowam etdirer hem-de 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini öňe sürmek boýunça işlerini dowam etdirer.

«Biz hut şeýle toplumlaýyn çemeleşmäniň häzirki zaman halkara ýagdaýyna laýyk gelýändigine ynanýarys. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyza konstruktiw we birleşdiriji orny eýelemäge mümkinçilik berýär» — diýip, Annaberdiýew nygtady.