Turkmenportal logo
Şu gün 12:34
11711171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
84 ýaşly Amitabh Baççan kinodan gitjekdigi baradaky habary ýalana çykardy
Surat: ndtv.com

11-nji oktýabrda 84 ýaşly dolýan hindi kino aktýory Amitabh Baççan özüniň kinodan gitjekdigi barada sosial torlarda peýda bolan myş-myşlary ýalana çykardy. Öň ol internetdäki sahypasynda pensiýa gidesiniň gelýändigi baradaky sözleri çap edipdi diýip, «ndtv.com» portaly ýazýar.

Goja aktýor häzirki wagtda 2000-nji ýyldan bäri teleýaýlyma çykyp gelýän «Kaun Banega Crorepati» («Kimiň millioner bolasy gelýär») diýen oýun şowhunynyň 180-nji tapgyryny alyp barýar. Kinodaky işleri barada aýdylanda, ol soňky gezek 2024-nji ýylda tamil kinosynyň ýyldyzy Rajnikantyň baş keşbi janlandyrmagyndaky «Wettaýýan» atly filmde çykyş etdi.

Amitabh Baççan kino muşdaklaryna «Diwar», «Ar we kanun», «Iki nätanyş» hem-de «Uzaga çeken haklaşyk» filmleri bilen bellidir.