Turkmenportal logo
Şu gün 11:07
15151515
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Guterriş geljekde näme bilen meşgullanjakdygyny bilmeýändigini aýtdy
Surat: tass.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş şul ýylyň ahyrynda wezipesinden gidenden soňra Portugaliýada ýaşamakçy, emma näme kär bilen meşgullanjakdygyny bilmeýär.

«Geljegim barada aýdylanda, dogrusy, näme iş bilen meşgullanjakdygymy-da bilmeýärin. Geljekde ýaşajak ýerim Portugaliýa bolar» diýip, ol žurnalistler bilen metbugat maslahatynda aýtdy.

Guterrişiň 2017-nji ýyldan bäri Baş sekretar hökmündäki wezipe ygtyýarlylykary 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda dolýar. Häzirki wagtda guramanyň Howpsuzlyk Geňeşi sekiz dalaşgärden birini bütindünýä guramasynyň täze başlygy wezipesine saýlaýar.