Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň saýlawlaryna dalaşgärleriň 4361-si bellige alyndy diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýagny federal saýlaw okrugy boýunça partiýalaryň 10-syndan 2774 dalaşgär, bir mandatly okruglar boýunça 1587 dalaşgär (11 partiýadan 1583 dalaşgär; 4 dalaşgär öz-özüni hödürlemek tertibi bilen) resmi bellige alyndy.
Russiýada Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary we onuň bilen ugurdaş saýlawlar 18-20-nji sentýabr aralygynda geçer.