Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda ýanwar — awgust aýlarynyň jemleri boýunça öndürilen önümiň möçberi 113 million 610 müň 644 manada deň boldy. Bu babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirelinde 112,2 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Hasabat döwründe 34 müň 10 tonna un önümleri öndürilip, şonuň 11 müň 287 tonnasy ýokary, 22 müň 723 tonnasy hem birinji hilli unlardyr. Degişli döwür bilen deňeşdirilende, un öndürmek boýunça önümçiligiň ösüş depgini hem 112, 2 göterime ýetirildi. Ýylyň geçen sekiz aýynyň görkezijileri boýunça bugdaý manny ýarmasynyň 74 tonnasy taýýarlanylyp, bellenilen meýilnama 100 göterim amala aşyryldy.
Kärhana 100 müň tonna azyklyk bugdaýa niýetlenilen elewatordan, ýyllyk kuwwaty 80 müň tonna un we un önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bolan harazdan hem-de taslama kuwwatlylygy 5 müň tonna tohumlyk bugdaýy arassalaýan we saklaýan bölümden ybaratdyr.