2025-nji ýylda tutuş dünýäde derýalar soňky 35 ýyldaky iň gurak döwri başdan geçirdi. Bu barada Bütindünýä meterologik guramasynyň täze nutugynda bellenýär diýip, «news.by» habar berdi.
BMG-niň bilermenleri gury ýerde süýji suwuň gorlarynyň azalýandygyna we buzluklaryň çekilýändigine ünsi çekýärler, bu öz gezeginde geljekde adamlar we ykdysadyýet üçin çynlakaý kynçylyklara getirip biler. Mysal üçin, gury ýerdäki ýerasty suwlarda, köllerdir derýalarda, toprakda, ösümliklerde, buzda we garda saklanýan suwuň umumy möçberi 2010-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri azalýar.
Nutukda getirilýän maglumatlara laýyklykda, Aziýa we Afrika suw bilen bagly ähli hasaba alnan adatdan daşary hadysalaryň ählisiniň ýarysyna golaýy hem-de soňky bäş ýylda ol hadysalar netijesinde adam pidalarynyň 80 göterimi degişlidir.