Turkmenportal logo
Şu gün 10:19
11751175
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sudandaky ýykylan altyn käninde 82 adam pida boldy
Surat: shyndyk.kz

Sudanyň uzakdaky welaýatynda ýerleşýän resmi däl altyn käni ýumrulyp, heläk bolanlaryň sany 82 adama ýetdi. Bu barada «MIR 24» habar berdi.

Ýurduň sebit halas ediş gullugynyň işgäri Abu Hmeida çarşenbede ýykylan ýerasty känden 82 adamyň jesediniň çykarylandygyny habar berdi, onlarça adam dereksiz ýiten hasaplanýar.

Sudanda el güýji bilen altyn gazyp almak giňden ýaýrandyr. 2023-nji ýylyň aprelinde ýurtda ýaragly gapma-garşylyklar başlanany bäri iş orunlarynyň azalmagy hem-de nyrhlaryň gymmatlamagy raýatlaryň köpüsi üçin bu käri ýaşamagyň ýeke-täk serişdesine öwürdi diýip, «Associated Press» agentligi ýazýar.