Turkmenportal logo
Şu gün 10:04
17641764
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Koreýanyň parlament kitaphanasy hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe teklibe garady

Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Milli parlament kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hwan Jon Gyn duşuşyp, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklip öňe sürüldi. Olaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň Milli parlament kitaphanasy bilen akademiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň kitaphananyň elektron we bibliografik maglumatlar çeşmelerinden peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky teklipler bar.

Şeýle hem kitaplary özara alyşmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek teklip edildi. Bu ugurda akademiki neşirleri, elektron maglumat çeşmelerini, bibliografik maglumatlary we audiowizual materiallary özara alyşmagy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.