Paýtagtda düýn öz işine başlan we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam etdirýär.

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralan sergi milli ykdysadyýetiň gazananlaryny, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni we ynsanperwer durmuşynda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleri, şeýle hem halkymyzyň özboluşly baý medeni mirasyny giňden şöhlelendirýär.

Serginiň diwarlyklarynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň alyp barýan işleri, şeýle hem döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän çäreler giňden beýan edilýär.

Giň gerimli serginiň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň 35 ýylynda döwlet we hususy pudaklaryň gazananlaryny görkezýän tanyşdyryş çäreleri guraldy. Daşary ýurtly myhmanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän täze taslamalar, şeýle hem türkmen haryt öndürijileriniň täze önümleri bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 19-njy sentýabrda öz işini tamamlar.