Turkmenportal logo
Düýn 19:55
78717871
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raýat jemgyýeti institutlarynyň wekilleri Samarkantda geçirilen forumda Türkmenistana wekilçilik etdiler

Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen «Demokratik ösüşde raýat jemgyýeti institutlarynyň ähmiýeti: Özbegistan we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tejribesi» atly Merkezi Aziýa raýat jemgyýeti forumyna gatnaşdylar. Bu barada uza.uz saýty habar berdi.

Halkara demokratiýa güni mynasybetli guralan forum ABŞ, Kanada, Belgiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Germaniýa, Ispaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Hindistan, Täjigistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly döwletleriň ugurdaş barlag merkezlerinden gelen halkara hünärmenleri bir ýere jemledi.

Halkara forumda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu günki günde dünýäde emele gelen geosyýasy we ykdysady özgerişler, azyk we energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, migrasiýa tapgyrlary, habar giňişliginde ygtybarly maglumaty üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gepleşikleri hem-de hyzmatdaşlyk mehanizmlerini has-da kämilleşdirmegi talap edýär.

Forumyň çäginde Özbegistanda we Merkezi Aziýa döwletlerinde raýat jemgyýeti institutlarynyň hyzmatdaşlyk arabaglanyşyklaryny giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, hünärmenleriň we döwlete degişli bolmadyk täjirçilik däl guramalaryň ulgamlaryny emele getirmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem sebitde raýat jemgyýeti institutlary üçin yzygiderli gepleşik meýdançalaryny ösdürmek, jemgyýetçilik innowasiýalaryny hem-de netijeli döwlete degişli bolmadyk täjirçilik däl guramalaryň tejribelerini giňden ýaýratmak boýunça birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi.

Forumyň netijeleri boýunça Özbegistanda we Merkezi Aziýa ýurtlarynda raýat jemgyýeti institutlarynyň işini goldamaga, döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge we sebitdäki gepleşikleri ösdürmäge gönükdirilen kararnama kabul edildi.