Şu ýylyň 18 — 20-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Uzeýir Hajybeýli halkara saz festiwalynyň çäginde Türki dünýäniň kompozitorlarynyň birinji kongresi geçiriler.
Çärä Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe, Türkmenistan we Wengriýa saz jemgyýetçiliginiň görnükli wekilleri gatnaşar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.
Maslahat Türki medeniýet we miras gaznasy, ICESCO-nyň sebit wekilligi, Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, Azerbaýjanyň Kompozitorlar birleşigi hem-de Azerbaýjan Milli konserwatoriýasy bilen hyzmatdaşlykda guralar.
Çäre Birinji Baku türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna, görnükli azerbaýjan şahyry we akyldary Nyzamy Genjewiniň doglan gününiň 885 ýyllygyna hem-de gazal mülküniň soltany Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna bagyşlanar.
Bellenilişi ýaly, üç günlük maksatnama institusional, ylmy we döredijilik çärelerini öz içine alýar. Kongresiň çäginde plenar we döredijilik mejlisleri, «tegelek stollar», sergiler, şeýle hem simfoniki we milli saz konsertleriniň guralmagy meýilleşdirilýär.
Konferensiýanyň esasy wakasy Türki döwletleriň kompozitorlarynyň birleşiginiň döredilmegi bolar. Ol türki döwletleriň öňdebaryjy kompozitorlaryny, sazşynaslaryny, ýerine ýetirijilerini hem-de sazçylyk guramalarynyň wekillerini birleşdirmegi maksat edinýär.