Turkmenportal logo
Düýn 19:45
80458045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly migrasiýaçylar Serhetleri dolandyrmak boýunça 42-nji okuw maslahatyna gatnaşýarlar

7-nji sentýabr — 6-njy oktýabr aralygynda Italiýa Respublikasynyň Bari şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Serhetleri dolandyrmak boýunça okuw merkeziniň (BMSC) guramagynda ýolbaşçylar düzümi üçin Serhetleri dolandyrmak boýunça 42-nji okuw maslahaty geçirilýär. Bu halkara okuw çäresine birnäçe daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu okuw maslahaty hünär kämilleşdirilmegine, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmagyň öňdebaryjy halkara standartlaryny öwrenmäge, şeýle hem strategiki meýilleşdirmegiň, töwekgelçiliklere baha bermegiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem pudagara gatnaşyklaryny, gözegçilik amallaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de migrasiýa we serhet howpsuzlygy çygrynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak ýaly temalar okuw sapaklaryň özenini düzdi.