Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Global Innovation Studies instituty) ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň arasynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de taraplar ýaşlaryň we alymlaryň akademiki hereketliligini giňeltmegiň, şeýle hem magistrantlar, doktorantlar we ýaş alymlar üçin bilelikdäki grant we tejribe maksatnamalaryny döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär-tehniki bilim ulgamynda koreý tejribesine öwrenmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.
Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek babatda hem möhüm ädim ädildi. Hususan-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama taraplaryň bilim, ylmy gözlegler we innowasiýa işjeňligi boýunça özara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge hem-de geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikleri açýar.
Duşuşykda emeli aň we sanly tehnologiýalar boýunça hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklaryny öwrenmek, täze hünärleri kesgitlemek, ýaşlaryň ýokary tehnologiýaly pudaklarda işlemek üçin zerur başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilermenler duşuşyklaryny we «tegelek stollary» geçirmek meselesi öňe sürüldi.