Turkmenportal logo
Düýn 17:10
1278712787
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat-2017: 9 ýyl mundan ozal V Aziýa oýunlarynyň ody ýakyldy

Mundan 9 ýyl ozal — 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda — Türkmenistanyň paýtagtyndaky Olimpiýa stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu şol döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyndaky iň iri sport forumydy.

«Aşgabat 2017» oýunlary birnäçe aýratynlygy bilen taryha girdi. Olar ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň birinde geçirildi. Şeýle hem ýaryşlara ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlary gatnaşdy — bu sebitden jemi 19 döwlet öz arzasyny berdi. Mundan başga-da, Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek bosgun türgenlerden düzülen birleşen topar gatnaşdy. Jemi 21 sport görnüşi boýunça 65 milli ýygyndy dürli medallar ugrunda bäsleşdi.

Açylyş dabarasy giň gerimli teatrlaşdyrylan çykyş bilen utgaşdy. Sahna oýny tomaşaçylary türkmen halkynyň taryhynyň möhüm döwürleri bilen tanyşdyrdy: Parfiýa şalygyndan we Beýik Ýüpek ýolunyň şäherlerinden başlap, häzirki zaman Aşgabadyň keşbine çenli bolan taryhy ýoly şöhlelendirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde gazanan üstünlikleri görkezildi.

Türgenleriň ýörişini «Aşgabat 2017» oýunlarynyň nyşany bolan alabaý başlady. Ondan soň Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdunyň wekiliýetleri hem-de bosgunlar topary elipbiý tertibinde stadiondan geçdiler. Däp bolşy ýaly, kabul edýän ýurt — Türkmenistan iň soňky bolup ýörişe çykdy.

Dabaranyň iň täsirli pursady oýunlaryň odunyň ýakylmagy boldy. Eli alawly atly ýigit stadionyň merkezinde ýörite gurlan minara çykdy. Şol ýerden alaw meýdançanyň gümmeziniň üstünde ýerleşdirilen ojakdaky oda geçirildi. Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň paýtagtynyň asmanynda ýaýradylan dabaraly feýerwerk bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy oýunlaryň ilkinji günlerinden başlap umumy toparlaýyn hasapda öňdeligi eýeledi we ýaryşyň ahyryna çenli birinji orny saklady. Türkmen türgenleri jemi 245 medal gazandy: olar 89 altyn, 70 kümüş we 86 bürünç medallaryň eýeleri boldular. Oýunlary 82 ýurtdan gelen 500-den gowrak žurnalist we synçy beýan etdi. Oýunlaryň ýene bir möhüm netijesi Türkmenistanyň bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny goldamak baradaky jarnamany öňe sürmegi boldy. Bu resminama Ženewada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

Olimpiýa stadionynda geçirilen ýapylyş dabarasynda Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah «Aşgabat 2017» oýunlaryny şeýle derejedäki ýaryşlaryň taryhyndaky iň gowy oýunlaryň biri diýip atlandyrdy. Ol türkmen türgenlerine, meýletinçilere, hemaýatkärlere we žurnalistlere minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň myhmansöýerligini aýratyn nygtady. Dabaranyň esasy ýatda galyjy pursatlarynyň biri stadionyň üstündäki ojakda ýaryşyň ähli on güni ýanyp duran oýunlaryň odunyň söndürilmegi boldy. Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň baýdagy bu guramanyň ýöriş sazynyň astynda aşak düşürildi.

Ýapylyş dabarasynyň jemleýji bölümi Türkmenistanyň medeni we ykdysady mirasy baradaky teatrlaşdyrylan çykyşdan, şeýle hem türkmen we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky uly konsertden ybarat boldy. Konserde rus aýdymçysy Nýuşa, liwanly aýdymçy Elissa, türk ýerine ýetirijisi Mustafa Sandal we britan sazandasy Jon Nýuman ýaly sungat ussatlary çykyş etdiler. Baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň asmanynda ýedi minutlap dowam eden dabaraly feýerwerk bilen tamamlandy.