«TikTok» platformasyny esaslandyryjy Çžn Imin hindistanly işewür Gautam Adaniden saýlanyp, ilkinji gezek Aziýanyň iň baý adamy boldy. Muňa «Bloomberg Billionaires Index» reýtinginiň maglumatlary güwä geçýär diýip, «news.by» habar berdi.
Ýagny «ByteDance» kompaniýasynyň eýesi Iminiň emlägi sentýabrda 12 milliard dollardan agyp, 105 milliard dollara ýetdi. «Bloomberg» 2019-njy ýylyň martyndan Çžan Iminiň aktiwlerini yzarlap başlandan bäri onuň baýlygy sekiz esse köpeldi. «Omdia» barlag kompaniýasynyň baş seljerijisi Lýan Sze Sunuň pikirine görä, muňa «ByteDance» kompaniýasynyň emeli aň ulgamyndaky önümleri we hyzmatlary itergi berdi.
Aziýanyň iň baý adamlarynyň üçlügini hindi milliarderi Mukeş Ambani jemledi, onuň 81,3 mlrd dollar maliýe emlägi bar.