Turkmenportal logo
Düýn 16:21
1025210252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkmenportal neşiriniň «Awtomerkezler» bölümi täze dilerler bilen üsti ýetirildi

Turkmenportal saýtyndaky we ykjam goşundysyndaky «Awtomerkezler» bölümi täze resmi dilerler bilen üsti ýetirildi.

Bölümde jemi bäş awtomerkez barada maglumat ýerleşdirildi. Ulanyjylara eýýäm tanyş bolan «Geely» awtoulag kysymynyň «Bereket Gözbaşy» we «Toyota» awtoulag kysymynyň «Beýik Ýüpek Ýoly» resmi dilerlerinden başga-da, katalogyň sanawynyň üsti BMW-Autohouse, «Toyota» awtoulag kysymynyň ýene bir resmi dileri — Garagum Ulag, şeýle hem «Nissan» awtoulag kysymynyň «Türkmen Gurluşyk Tehnika Servis» resmi dileri bilen ýetirildi.

«Bereket Gözbaşy» — «Geely» awtoulag kysymynyň Türkmenistandaky resmi dileri. Awtoulaglaryň hatarynda 5 model bar: «Coolray», «Atlas», «Monjaro», «Emgrand» we «Preface» ýaly kysymlar bar. Awtomerkez Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 602 salgysynda ýerleşýär.

«Beýik Ýüpek Ýoly» — 2020-nji ýyldan bäri «Toyota» awtoulag kysymynyň resmi dileri bolup, awtoulaglary satmak we satuwdan soňky hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. Awtosalonda «Land Cruiser 300 HEV» we «Land Cruiser 300» modelleri görkezilýär. Salonyň salgysy: Aşgabat şäheri, 2127-nji köçe (G. Kuliýew köçesi), jaý 46, «Aýyt» binasy.

«BMW-Autohouse» — «Autohouse GmbH» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda wekilçilik edilýän BMW-niň resmi dileri. Awtosalonda «BMW X5 xDrive40i» modeli elýeterlidir. Şourum Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesinde ýerleşýär.

«Garagum Ulag» — «Toyota» awtoulag kysymynyň resmi dileri bolup, täze awtoulaglary satýar, kepillik hyzmatlaryny ýerine ýetirýär we kompaniýanyň asyl şaýlary bilen üpjün edýär. Awtosalon «Camry» modelini hödürleýär. Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesindäki şourum hepdede alty gün işleýär. Test-draýw deslapdan ýazylmak arkaly geçirilýär. Şeýle hem edara görnüşli müşderiler bilen işleşmek üçin korporatiw satuw bölümi hereket edýär.

«Türkmen Gurluşyk Tehnika Servis» — «Nissan» awtoulag kysymynyň resmi dileri bolup durýar. Awtoulaglaryň hatarynda «Nissan Patrol» modeli bar. Diler merkezi Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesinde ýerleşýär.

Her bir awtomerkeziň sahypasynda diler barada giňişleýin maglumat, kuzowyň görnüşi boýunça awtoulagyň modelleriniň sanawy, şeýle hem aragatnaşyk maglumatlary — salgysy, telefon belgisi, elektron poçtasy, saýty, iş tertibi we barmaly ýoly görkezýän karta elýeterlidir.

Awtoulaglaryň bahalary manatda görkezilýär we ol maglumat hökmünde häsiýetlendirilýär. Takyk bahany gönümel awtomerkezde anyklamak maslahat berilýär.