Turkmenportal logo
17.09.2026
70777077
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Bulut» «Hyzmatdaşlyk we ösüş — 2026» sergisinde öz önümlerini tanyşdyrdy

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly şygar bilen geçirilýän halkara sergide öz öndürýän önümlerini tanyşdyrdy.

Ýurtda geçirilýän iri halkara çärelerine işjeň gatnaşýan bu kompaniýa özüniň önümçilik kuwwatyny we önümleriniň giň görnüşlerini ýene bir gezek görkezdi. «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň diwarlygy sergä gelenleriň hem-de gatnaşyjylaryň, şol sanda işewürligiň we ugurdaş edaralaryň wekilleriniň ünsüni çekdi.

Kompaniýanyň diwarlygynda önümçilik mümkinçiliklerini we häzirki zaman çemeleşmelerini görkezýän dürli önümler ýerleşdirilipdir. Bu halkara sergä gatnaşmak «Ak Bulut» üçin işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek, tejribe alyşmak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdaky mümkinçilik boldy.

«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi kompaniýalaryň gazanan üstünliklerini görkezmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek we milli önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Sergi 19-njy sentýabra çenli dowam eder. Iş wagty: 19-njy sentýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +993 62 14 00 44

Edara binasy we sergi zaly:

Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, 29/1-nji jaýy, 3-nji gat

Önümçilik merkezleri:

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň asma potoloklary we profil ulgamyny öndürýän zawody we ammary — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby;

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň gipsokarton, BOARDLINE we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawody we ammary — Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň çägi.