Turkmenportal logo
Düýn 14:16
83168316
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär

Düýn Koreýa Respublikasynda Kwangju şäherindäki Aziýa medeniýetiniň milli merkezinde badalga berlen we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet sapary mynasybetli geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň medeniýet ministrlikleriniň we degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Konsertiň maksatnamasyna gadymy we häzirki zaman aýdymlarydyr sazlary, şeýle-de joşgunly tanslar we folklor çykyşlary girizildi. Türkmenistanyň estrada ýyldyzlarynyň dürli dillerde aýdymlary ýerine ýetirmegi dabara aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Şeýle hem milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Sergide muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň eserleri, Türkmenistanyň milli lybaslary görkezildi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.