Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gülçileriň arasynda geçirilen «Güller — parahat durmuşyň bezegi» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde yglan eden bu bäsleşigine paýtagtyň etraplaryndan gülçi gelin-gyzlar jemi 4 toparda gatnaşdylar.
Olar üç şert boýunça bäsleşdiler. «Bagy-bossan Watanym!» atly birinji şertde oňa gatnaşyjylar dürli güllerden ýurduň ösüşlerini beýan edýän eserleri döredip, sergi guradylar. Olar gül sözleriň, çeper waspnamalaryň üsti bilen öz sergileriniň tarypyny ýetirdiler.
«Güller gözelligi senden öwrener» atly ikinji şertde gülçi gelin-gyzlar öz kärine bolan söýgüsini gül çemenleriniň, güllerden ýasan sebetleriniň üsti bilen beýan etdiler. «Hünärim bar, hormatym bar» atly üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar güller barada dürli rowaýatlar, goşgular, edebi-sazly kompozisiýalar bilen çykyş etdiler.
Şeýlelikde, eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Köpetdag etrabynyň, 1-nji orna Büzmeýin etrabynyň, 2-nji orna Berkararlyk etrabynyň, üçünji orna hem Bagtyýarlyk etrabynyň gülçi gelin-gyzlary mynasyp boldular.
Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.