Turkmenportal logo
Düýn 11:38
58405840
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde birnäçe resminalara gol çekildi

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde 16-njy sentýabrda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde birnäçe resminalara gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde degişli formatyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy;

  • Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy;

  • Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi, energiýa geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy kabul edildi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat we üpjünçilik zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji işewürlik sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy bar.