Hindistanyň Bihar ştatynda 2014-nji ýylda janyna kast edilen diýlip resmi ykrar edilen zenany 12 ýyl soňra başga at bilen tapdylar. Şunça ýyllap onuň adamsy türmede bolupdyr we jenaýat işi boýunça esasy aýyplanýan hökmünde geçipdir. Bu barada «NDTV» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Şakuntala Dewi 2014-nji ýylda ýitdi. Onuň erkek dogany polisiýa galyň sebäpli (Hindistanda durmuşa çykýan gyzyň maşgalasy ýigit tarapa galyň töleýär) onuň adamsynyň maşgalasy tarapyndan horlanandygy barada şikaýat etdi. Aradan birnäçe gün geçensoň, Khanda obasynyň golaýyndaky ýapdan bir zenanyň jesedini tapdylar. Şakuntalanyň agasy onuň öz aýal doganydygyny tassyklady, şondan soňra polisiýa iş gozgady. Şakuntalanyň adamsy Arun Mehta şübhe astyna alyndy. Galyberse-de, aýyplanýanyň birnäçe maşgala agzasy-da tussag edildi hem-de ýyllarboýy kazyýet seljerişliklerine gatnamaly boldular.
2026-njy ýylyň sentýabrynda polisiýa Şakuntalany goňşy Jarkhand ştatyndan tapdy. Habar berilmegine görä, ol Dewi Kanti diýen at astynda şol ýerde Rattu Singh diýen adam bilen ýaşaşypdyr.
Netijede, zenany Bihara yzyna eltdiler. Indi onuň özüniň garşysyna kezzaplykda, polisiýany azaşdyrmakda we jenaýatçylykly dildüwşükde aýyplama bildirip iş açdylar.
Emma polisiýa üçin «Eýsem, 2014-nji ýylda ýapda tapylan jeset kimiňkikä?» diýen esasy sowal açyklygyna galdy.