Turkmenportal logo
Düýn 10:58
66636663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda berkidiş-rejeleýiş işlerine başlandy 

«Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklerde berkidiş-rejeleýiş işleriniň güýzki möwsümine girişildi. 

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, möwsümiň dowamynda Melehaýran arheologik ýadygärliginde, Ýartygümmez kümmetinde, şeýle-de Guýruklydepe ýadygärliginde degişli işleri geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda Melehaýran arheologik ýadygärliginde berkidiş işleri geçirilýär. Türkmen-polýak ekspedisiýasynyň 1997 — 2002, 2004, 2007-2008-nji ýyllarda agzalan ýadygärlikde gazuw işlerini alyp barandygyny hem bellemelidiris.

Etrabyň merkezinden 7-8 kilometr günorta-gündogar tarapda ýerleşýän, orta asyr sarahsly ussalaryň bina eden Ahmet al-Hady kümmetinde suwag işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagta çenli bu kümmmetiň günorta diwary, gündogar hem-de günbatar diwarlaryndan bölekler saklanyp galypdyr. Şol sebäpden bu ymarat il arasynda «Ýartygümmez» diýlip atlandyrylýar.

Taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri baý taryha eýe bolan Guýruklydepe ýadygärliginde bolsa berkidiş-rejeleýiş işlerini alyp barýarlar.