Nobel baýragynyň ykdysadyýet boýunça eýesi, amerikaly Maýkl Kremer Bütindünýä bankynyň baş ykdysadyýetçisi wezipesine bellendi diýip, bu maliýe edarasynyň metbugat habarnamasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Şu ýyl 62 ýaşy dolýan Maýkl Kremer 1-nji oktýabrda wezipesine resmi girişer. Ol Garward uniwersitetinde ykdysadyýet boýunça «PhD» hünär derejesini aldy hem-de häzirki wagtda Çikago uniwersitetiniň professorydyr. Onuň gyzyklanýan ugurlaryna ykdysady ösüş, tehnologik özgerişlikler we ösüş ykdysadyýeti girýär. Muňa häzir ösüp barýan ýurtlarda bilimde, saglygy goraýyşda, suw üpjünçiliginde, maliýede we oba hojalykda innowasiýalar meselesi deişlidir.
Kremer 2019-njy ýylda Abhijit Banerji we Ester Dýuflo bilen bilelikde,
«Ählumumy garyplygy peseltmeklige synag çemeleşmesi» üçin Nobel baýragyna mynasyp boldy. Ol şeýle hem ABŞ-nyň Milli ylymlar akademiýasynyň agzasydyr.