Turkmenportal logo
Düýn 23:15
12631263
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wenada Awaza Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýadro ylmyna bagyşlanan çäre geçirildi

14-nji sentýabrda Wenada Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş maslahatynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň IAEA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan «Atoms for LLDCs: borçnamalardan herekete – Awaza Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýadro ylmy» atly ugurdaş çäre geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri we bilermenleri gatnaşyp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmekde we durnukly ösüşini üpjün etmekde ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýadro ylymlary we amalyýetler departamentiniň ýolbaşçysy Najat Mohtar we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow onkologiýa keselleriniň öňüni almak we bejermek ulgamynda infrastruktura we häzirki zaman tehnologiýalaryny ösdürmegiň, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem gatnaşyjylar şöhle bejergisi we ýadro lukmançylygy, lukmançylyk fizikasy, onkologiýa kömegini meýilleşdirmek we işgärleri taýýarlamak meselelerine garadylar. IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň, PACT maksatnamasynyň we «Rays of Hope» başlangyjynyň ornuna aýratyn üns berildi.

Çäräniň jemleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň, durnukly maýa goýumlaryny artdyrmagyň we mümkinçilikleri ösdürmegiň Awaza Hereketler maksatnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmekde hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň parahatçylykly ulanylmagynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmekde möhümdigi bellenildi.

IAEA-nyň Baş maslahatynyň 70-nji mejlisi Wenada 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabryna çenli öz işini dowam etdirer diýlip, habarda bellenilýär.