Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) tarapyndan 2027-nji ýyl üçin daşary ýurtly dalaşgärleri bakalawr derejesinde bilim almak boýunça döwlet stipendiýa maksatnamasyna kabul edýändigini habar berdi.
Maksatnamanyň çäklerinde: koreý dilini öwrenmek — 1 ýyl, esasy okuw maksatnamasy — 4–6 ýyl.
Koreý dili boýunça synagdan geçendigi baradaky 5-nji derejeden ýokary şahadatnamasy (TOPIK) bolup, saýlanyp alnan dalaşgärler koreý dilini öwrenmek tapgyryndan boşadylýar.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
Raýatlygy: Türkmenistan;
Ýaşy: 25 ýaşdan kiçi bolmaly (2002-nji ýylyň 1-nji martyndan soň doglanlar);
Bilimi: 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli orta mekdebi ýa-da kolleji tamamlan ýa-da tamamlamagy meýilleşdirýän bolmaly.
Resminamalary tabşyrmagyň möhleti: 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryndan (sişenbe) sagat 11:00-dan 30-njy sentýabryna (çarşenbe) çenli sagat 18:00-a çenli (Koreýanyň wagty bilen).
Okuwyň maksatnamasy we arzany tabşyrmagyň şertleri barada giňişleýin maglumatlar bilen ilçihananyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.