Turkmenportal logo
Şu gün 16:30
49664966
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Duşendebäki ilçisi Täjigistanyň Din işleri baradaky komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Duşenbe şäherindäki ilçisi Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Din işleri, dabaralary we däp-dessurlary tertipleşdirmek baradaky komitetiniň başlygy hem-de Ymam Azam – Abu Hanifa Numan ibn Sobit adyndaky Täjigistanyň Yslam institutynyň rektory bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar degişli ugurda aragatnaşyklary we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Duşenbedäki diplomatik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Soňra Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň yslam institutyna baryp, okuw edarasynyň işi, bilim prosesiniň guralyşy hem-de döredilen döwrebap infrastruktura bilen tanyşdy.