Şu gün Türkmenistanyň Duşenbe şäherindäki ilçisi Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Din işleri, dabaralary we däp-dessurlary tertipleşdirmek baradaky komitetiniň başlygy hem-de Ymam Azam – Abu Hanifa Numan ibn Sobit adyndaky Täjigistanyň Yslam institutynyň rektory bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar degişli ugurda aragatnaşyklary we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Duşenbedäki diplomatik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Soňra Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň yslam institutyna baryp, okuw edarasynyň işi, bilim prosesiniň guralyşy hem-de döredilen döwrebap infrastruktura bilen tanyşdy.