Turkmenportal logo
Şu gün 14:49
70757075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda robot öndürýän robotlaryň zawody işe başlady
Surat: Surat: mir24.tv

Hytaýyň günortasynda dünýäde ilkinji «akylly» önümçilik kärhanasy işläp başlady, ol adamsypat robotlary öndürýär. Kärhana ýylda 10 müň robot öndürmäge niýetlenendir. «UBTECH Robotics» kompaniýasynyň wekilleriniň sözlerine görä, zawodda her on minutda bir gumanoid-robot öndürilýär diýip, «Global Times» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Kärhanada «robotlary öndürýän robotlar» nusgasyny durmuşa geçirýärler. Ähli işleri sanly «beýni» utgaşdyrýar.

Hytaýly alymlar önümçilik işini dolandyrmak ulgamyny «Siemens Digital Industries Software» kompaniýasyndan bolan kärdeşleri bilen bilelikde işläp düzdüler. Ol iş tabşyryklaryny meýilleşdirmek, serişdeleri paýlamak we hil gözegçiligi ýaly wezipeleri berjaý etmäge ukyplydyr. Her bir robota özboluşly belgi berilýär. Şunuň netijesinde ulgam onuň taýýarlanyşyny doly yzarlamaga ukyplydyr. Zawodda gumanoid-robotlar gaplamak, tekgede goýmak, ýüklemek we daşamak ýaly işlere hem gatnaşýarlar. Önümi ýygnamak üçin robotlaryň başga görnüşleri ulanylýar,

Kärhanada şeýle hem dünýäde ilkinji adampisint robotlar üçin doly awtomatlaşdyrylan stereoskopiki ambar döredildi. Onuň bary-ýogy 65 inedördül metr meýdany bolup, 112 sany roboty ýerleşdirmek mümkin.