Turkmenportal logo
Şu gün 14:00
71527152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Seulda innowasiýa ulgamynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa barlaglary institutynyň direktory Kim Jin Pýo bilen duşuşdy. Gepleşikler Seulda Türkmen-koreý işewürlik forumynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda innowasiýalar, häzirki zaman tehnologiýalary we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň işewürler we bilermenler toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.