Turkmenportal logo
Şu gün 12:14
65536553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini beýan etdi

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Li Çže Mýonyň ýokary derejedäki gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça garaýyşlaryny beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzyň bazaryndaky işine ýokary baha berýär. Olaryň gatnaşmagynda strategik taýdan möhüm birnäçe taslama durmuşa geçirildi we bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar we ýeňil awtoulaglar düzýär. Şunuň bilen birlikde, gämi gurluşygy pudagynda hem koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle-de dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda maýa goýumlary, söwda, energetika, senagat, himiýa pudagy, demir ýol ulaglary, emeli aň, ylym we tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.

Hor­mat­ly Prezidentimiz söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry­nyň alyp bar­ýan işi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, ulag ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki iş­ler üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di.

Ýur­du­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­tin­de örän wa­jyp hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de üs­ta­şyr ulag, lo­gis­ti­ka üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň köp­şa­ha­ly ug­ru­ny dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bu taslamalara gat­naş­ma­gy­ny gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Türk­me­nis­tan yn­san­per­wer ul­gam­da-da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge äh­mi­ýet ber­ýär. Iki ýurt­da hem sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­me­giň uly tej­ri­be­si top­lan­dy. Öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri üs­tün­lik­li ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 16-njy sent­ýabr­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň no­bat­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, ýur­du­my­zyň giň ge­rim­li me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.

Ylym-bi­lim ul­ga­my hem hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Yl­my iş­ler, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar.