Turkmenportal logo
Şu gün 11:51
46234623
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Goturdepe känlerinden 825 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

2026-njy ýylyň geçen döwründe «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi boýunça 825 müň 247 tonna nebit çig maly çykaryldy. «Nebit-gaz» gazetinde berilýän habara görä, bellenilen meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. 

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana boýunça geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, önümçiligiň ösüş depgini 105,4 göterim ýokarlandy. Kärhana tarapyndan ýeriň jümmüşinden çykarylan nebit çig malynyň möçberi göz öňünde tutulandan 88 müň 336 tonna köpdür.

Goturdepe we Demirgazyk Goturdepe känlerinde häzirki wagtda 670 guýy kadaly önüm berýär. Umumy meýdany 320 inedördül kilometre barabar giňişlikde ýerleşýän Goturdepe baýlyklar ojagynda ilkinji nebit guýusy 1948-nji ýylda gazylyp başlanýar.

Häzirki wagtda bu baýlyklar käninden alynýan «gara altynyň» umumy möçberi bir gije-gündizde 3 müň 400 ton nadan geçýär.