Daşoguz çörek kärhanasynda 2026-njy ýylyň sekiz aýynda 2 müň 524 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kärhanada dürli görnüşli köke önümleriniň hem 2 tonna golaýy taýýarlanyldy. Sentýabr aýyna çenli gazanylan umumy girdeji bolsa 4 million 667 müň 800 manada deň boldy.
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda baýry önümçilik düzümleriniň biri bolan Daşoguz çörek kärhanasynda çörek we çörek önümleri gyzgyny bilen alyjylara ýetirilýär.