Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Sungýungwan uniwersitetine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny uniwersitetiň prezidenti Ýu Ji Bom mähirli garşylady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» derejesini bermek dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlary tanyşdyryldy. Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň dolandyrmak başarnyklary esasynda Türkmenistanyň döwlet ösüşini we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak babatda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti 20 ýyldan gowrak wagt aralygynda döwlet edaralarynda, şol sanda daşary işler, energetika, senagat önümçiligi we ykdysadyýet ýaly giň ugurlarda baý iş tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bitiren uly işleri 1398-nji ýylda döredilip, 600 ýyldan hem gowrak taryhy bolan ýokary okuw mekdebiniň esasy ýörelgelerine gabat gelýär. Şuňa laýyklykda, Sungýungwan uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentine «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» derejesini bermek kararyna geldi. Kararda bellenilişi ýaly, daşary işler, kanun çykaryjylyk, ýerli dolandyryş we ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça giňişleýin tejribesi, Türkmenistanyň döwlet ösüşine ýolbaşçylyk edip, sanly ykdysadyýete geçip, ýolbaşçylyk etmek hem-de milli ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşiniň binýadyny goýandygy, şeýle hem Bitarap daşary syýasaty alyp barmak, sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagalla edip, Merkezi Aziýanyň syýasy durnuklylygyna we ykdysady ösüşine goşan uly goşandyny göz öňünde tutup, aspirantura komitetiniň kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Sungýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.
Bu dereje Koreýa Respublikasynyň ylmyna we medeniýetine aýratyn goşant goşandygy ykrar edilen ýa-da adamzat medeniýetiniň ösüşinde uly işleri bitirendigi ykrar edilen şahslara berilýär. 1957-nji ýylda bu derejäniň ilkinji gezek gowşurylyp başlan pursadyndan bäri ol bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Liderine berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Sungýungwan uniwersitetiniň «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» diýen adyň berlendigi üçin ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, uniwersitetiň talyplaryna, professor mugallymlaryna we ähli işgärlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.